
Kaka etrabyndaky dokma toplumyny gurmak we maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dokma toplumyny gurmak hakynda” 2018-nji ýylyň fewral aýynyň 19-daky 673 belgili karary esasynda 2018-nji ýylyň mart aýynda gurluşyga başlanyldy.
2021-nji ýylyň awgust aýynyň 25-ne dokma toplumy işe girizildi.
Toplum 4 fabrikden ybarat bolup durýar. Olar egirme, dokma, boýama-timarlama we tikin fabrikleridir. Toplumyň egirme fabriginde öndürilýän nah we garyşyk ýüplükleriň önümçilik kuwwatlygy bir ýylda 3 650 tonna ýüplük öndürmäge mümkinçiligi bar.
Dokma fabriginiň önümçilik kuwwatlygy bir ýylda 12 mln. inedördül metr çig matalaryny öndürmek: kreton, ranforse, gabardin, ýüplügi boýalan matalar, köýneklik, jalbarlyk we ş.m. matalar öndürilýär. Boýama-timarlama fabriginiň önümçilik kuwwatlygy - bir ýylda 10 mln. inedördül metr taýýar matalary öndürmek. Ýüplügi boýama önüçiligi hem bar. Toplumyň tikin fabriginiň önümçilik kuwwatlygy – bir ýylda 1,2 mln. sany taýýar tikin önümlerini öndürmek, olar erkekler üçin köýnek, jalbar, ýyladylan we ýuka kurtka, ýeňsiz we ş.m. önümler.
Kaka dokma toplumynda öndürilýän ýüplükler we taýýar matalar dokma senagaty ministrliginiň tabşyryknamalary esasynda kärhanalara ýerlenilýär. Taýýar tikin önümler “Altyn Asyr” harytşynaslyk merkezinde we S.Türkmenbaşy şaýoly we Azady köçesiniň çatrygynda ýerleşýän dukanyň üsti bilen hem ýerlenýär. Şeýle-de hem konsignasiýa şertnamasy esasynda Alyjylar jemgyýetine ýerlenilýär.
Mundan başgada eksport şertnamalary esasynda ýüplük, nah çig matalar we taýýar tikin önümleri satylýar.
Your experience on this site will be improved by allowing cookies.