kakadokma@textile.tm +993 (13) 346896
February 10, 2026 - BY Admin

«Ömürlere dowam berýär eneler»: Ahal welaýatynda Halkara zenanlar güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Her ýyl 8-nji martda bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan «Ömürlere dowam berýär eneler» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

Bäsleşigiň maksady - zenanlaryň göreldeli zähmeti bilen Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine goşýan goşandyny açyp görkezmek, olaryň çeper ellerinden çykýan hünärini, edep-ekramyny, maşgala ojagyny abat saklamakda tutýan ornuny wasp etmek, şeýle hem zenanlarda çeper döredijilige bolan höwesi artdyrmak.

Bäsleşige Türkmenistanyň her bir raýaty oçerkleri, makalalary, çeper eserleri, goşgulary, şahyrana eserleri bilen gatnaşyp biler. Eserlerde täze taryhy döwürde zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olar hakda edilýän aladalar, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeler, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihatlar, zenanlaryň el işleri, gaýyn-gelin, gelin-baldyz gatnaşyklary, myhman garşylamak ýaly däp-dessurlar öz beýanyny tapmalydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň salgysyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da redaksiýanyň elektron salgysyna (ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm) «Ömürlere dowam berýär eneler» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen ibermelidir.

Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin «Ahal durmuşy» welaýat gazeti, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan eminler topary düzüler.

Ýeňijiler 2026-nji ýylyň 5-nji martynda eminler topary tarapyndan kesgitlenip, olar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň adyndan Hormat haty we ýörite sowgatlar bilen sylaglanar.

Bäsleşige gelip gowşan oçerkleriň, makalalaryň, çeper eserleriň iň gowulary gazetde çap ediler.