Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Begşaha” hususy kärhanasynda her aý zenanlar üçin niýetlenen “Mährem” haryt nyşanly ştapel matalaryň 50 müň metri dokalýar. Kärhanada ştapel matalaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hususy kärhanada 7 görnüşli önümçilik alnyp barlyp, ştapeliň geýimlik matalarynyň 4 nusgasy, ştapel ýaglyklarynyň 3 görnüşi hödürlenilýär. Häzirki wagtda kärhanada tejribeli hünärmenleriň 140-a golaýy zähmet çekýär. Kärhananyň degişli hünärmenleri ekologiýa taýdan arassa matalaryň dürli güller we reňkler bilen bezelen täze nusgalaryny taýýarlaýarlar. Taýýar bolan bezeg nusgalary gysga wagtyň dowamynda önümçilige ornaşdyrylýar. Hususy kärhananyň ýöriteleşdirilen tikinçilik bölümi bolsa dürli görnüşli matalary hem-de bu ýerde öndürilýän ýaglyklary kesmek hem-de tikmek işlerini utgaşdyrýar. Kärhananyň önümleri ýurduň ähli söwda nokatlarynda diýen ýaly alyjylara hödürlenilýär. Çeşme: “Rysgal” gazeti
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Begşaha” hususy kärhanasynda her aý zenanlar üçin niýetlenen “Mährem” haryt nyşanly ştapel matalaryň 50 müň metri dokalýar.
Kärhanada ştapel matalaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hususy kärhanada 7 görnüşli önümçilik alnyp barlyp, ştapeliň geýimlik matalarynyň 4 nusgasy, ştapel ýaglyklarynyň 3 görnüşi hödürlenilýär.
Häzirki wagtda kärhanada tejribeli hünärmenleriň 140-a golaýy zähmet çekýär. Kärhananyň degişli hünärmenleri ekologiýa taýdan arassa matalaryň dürli güller we reňkler bilen bezelen täze nusgalaryny taýýarlaýarlar. Taýýar bolan bezeg nusgalary gysga wagtyň dowamynda önümçilige ornaşdyrylýar.
Hususy kärhananyň ýöriteleşdirilen tikinçilik bölümi bolsa dürli görnüşli matalary hem-de bu ýerde öndürilýän ýaglyklary kesmek hem-de tikmek işlerini utgaşdyrýar. Kärhananyň önümleri ýurduň ähli söwda nokatlarynda diýen ýaly alyjylara hödürlenilýär.
Çeşme: “Rysgal” gazeti
March 31, 2026 - BY Admin