Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 32-nji hepdesinde (4-8-nji awgust aralygynda) geçirilen söwdalaryň netijeleri boýunça jemi 428 978 660,00 manat we 224 520,00 ABŞ dollary mukdarynda 59 sany geleşik baglaşyldy. Hepde içinde daşary ýurtly hem-de ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda eksport we içki bazar üçin dürli harytlaryň satylmagy işjeň amala aşyryldy. Birža söwdalarynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümlerine bolan isleg örän ýokary boldy. Hepde boýunça içerki bazarda ýerli işewürler bu konsern tarapyndan öndürilen “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, “TPP D 30 S” kysymly polipropileni hem-de umumy nebit koksyny satyn almak barada iri şertnamalary baglaşdylar. Mundan başga-da, hepdelik söwdalaryň çäklerinde daşarky bazarda Türkiýäniň we Serbiýanyň işewürleri nah ýüplügini hem-de buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar. Içerki bazarda bolsa Dokma senagaty ministrliginiň nah çig matasy we “Türkmenýüpek” ÝGPJ-niň çig ýüpegi ýerli telekeçiler tarapyndan uly islegden peýdalandy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 32-nji hepdesinde (4-8-nji awgust aralygynda) geçirilen söwdalaryň netijeleri boýunça jemi 428 978 660,00 manat we 224 520,00 ABŞ dollary mukdarynda 59 sany geleşik baglaşyldy. Hepde içinde daşary ýurtly hem-de ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda eksport we içki bazar üçin dürli harytlaryň satylmagy işjeň amala aşyryldy.
Birža söwdalarynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümlerine bolan isleg örän ýokary boldy. Hepde boýunça içerki bazarda ýerli işewürler bu konsern tarapyndan öndürilen “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, “TPP D 30 S” kysymly polipropileni hem-de umumy nebit koksyny satyn almak barada iri şertnamalary baglaşdylar.
Mundan başga-da, hepdelik söwdalaryň çäklerinde daşarky bazarda Türkiýäniň we Serbiýanyň işewürleri nah ýüplügini hem-de buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar. Içerki bazarda bolsa Dokma senagaty ministrliginiň nah çig matasy we “Türkmenýüpek” ÝGPJ-niň çig ýüpegi ýerli telekeçiler tarapyndan uly islegden peýdalandy.
August 10, 2026 - BY Admin