4-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentextile Expo 2026” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu giň möçberli çäre milli ykdysadyýetimiziň dokma pudagyndaky soňky gazananlaryny, täze önümlerini görkezmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýlde-de daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Turkmentextile Expo 2026” halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen baýramçylyk Gutlagy uly buýsanç bilen okaldy.
Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagda häzirki wagtda dokma pudagynda milli mirasy we asylly däp-dessurlary döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen utgaşdyrmaga uly üns berilýändigini bellenilip, Bu ýörelge türkmen dokma önümleriniň çeperçilik gymmatyny artdyrmak bilen birgile, olaryň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Prezident halkara serginiň pudagyň ösüşine we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň berkemegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirilýär.
Soňra sergä ýygnananlar ol ýerde ýaýbaňlandyrylan dürli öwüşginli diwarlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergi-ýarmarkasyna Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen dünýäniň dürli ýurtlaryndan dokma enjamlaryny, boýaglary, himiki serişdeleri hem-de çig mallary bilen üpjün edýän 100-e golaý öňdebaryjy kompaniýalar öz önümleri bilen gatnaşýarlar.
Milli we halkara dokma senagatynyň iň täze önümlerini we taslamalaryny jemleýän halkara sergi-ýarmarka 6-njy iýunda öz işini tamamlar.
June 05, 2026 - BY Admin