kakadokma@textile.tm +993 (13) 346896
May 07, 2026 - BY Admin

Balkan welaýatynda 25 tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň ýüpekçileri şu ýyl 25 tonna pile taýýarlap, döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi. Hut şonuň üçin hem Balkan welaýatynyň tebigy şertlerine uýgunlaşan, ýokary hilli önüm berýän sagdyn gurçuk tohumynyň 685 gaby tejribeli ýüpekçilere öz wagtynda degişli şertnamalar esasynda paýlanyp berildi. Welaýat boýunça öndüriljek 25 tonna piläniň hem 18 tonnasy Magtymguly etrabynyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Şonuň ýaly-da Gyzylarbat etrabynyň ýüpekçileri 6 tonna, Bereket etrabynyň pileçileri hem 1 tonna gymmatly önümi öndürerler. Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş kärhanasynyň tejribeli hünärmenleriniň gürrüň bermeklerine görä, welaýatda ýüpek gurçugynyň Hytaý Halk Respublikasyndan getirilýän tohumy şowly çykýar. Şeýle tohum ählitaraplaýyn ygtybarlylygy, önüm berijiligi, şol sanda kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokarydygy bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň ýüpekçileri şu ýyl 25 tonna pile taýýarlap, döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.


Hut şonuň üçin hem Balkan welaýatynyň tebigy şertlerine uýgunlaşan, ýokary hilli önüm berýän sagdyn gurçuk tohumynyň 685 gaby tejribeli ýüpekçilere öz wagtynda degişli şertnamalar esasynda paýlanyp berildi.


Welaýat boýunça öndüriljek 25 tonna piläniň hem 18 tonnasy Magtymguly etrabynyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Şonuň ýaly-da Gyzylarbat etrabynyň ýüpekçileri 6 tonna, Bereket etrabynyň pileçileri hem 1 tonna gymmatly önümi öndürerler.


Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş kärhanasynyň tejribeli hünärmenleriniň gürrüň bermeklerine görä, welaýatda ýüpek gurçugynyň Hytaý Halk Respublikasyndan getirilýän tohumy şowly çykýar. Şeýle tohum ählitaraplaýyn ygtybarlylygy, önüm berijiligi, şol sanda kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokarydygy bilen tapawutlanýar.