2026-njy ýylyň 8–10-njy sentýabrynda Daşkent şäherindäki «Uzexpocentre» milli sergi toplumynda «Dokma enjamlary we tehnologiýalary — CAITME 2026» atly 17-nji Merkezi Aziýa halkara sergisi geçiriler. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öňde boljak çäre barada habar berdi. CAITME dokma we tikin-trikotaž önümlerini öndürijiler, enjamlary iberijiler hem-de pudaklaýyn tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar üçin sebitdäki iri ýöriteleşdirilen meýdançalaryň biri hasaplanýar. Sergä Ýewropanyň, Aziýanyň we dünýäniň beýleki sebitleriniň ýurtlaryndan 200-den gowrak kompaniýalaryň hem-de brendleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergide pagta arassalaýyş we egirme tehnologiýalary, dokma we trikotaž enjamlary, egin-eşik öndürmek üçin maşynlar, matalary boýamak we timarlamak boýunça çözgütler, dokma senagaty üçin himiki serişdeler, boýaglar, maksatnamalaýyn üpjünçilik hem-de önümçilik galyndylaryny gaýtadan işleýän ulgamlar görkeziler. Sergä gelýänler enjamlaryň işleýşi bilen tanşyp, olary öndürijilerden we tehniki hünärmenlerden gönüden-göni maslahat alyp bilerler. Bu çäre Türkmenistanyň dokma senagatynyň kärhanalary we hünärmenleri üçin amaly taýdan uly gyzyklanma döredýär. Sergä gatnaşmak häzirki zaman önümçilik ulgamlary, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, şeýle hem taýýar önümleriň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütler bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. 9-njy sentýabrda geçiriljek TextileExpo Uzbekistan Sourcing Hub taslamasy serginiň aýratyn çäreleriniň biri bolar. Taslama dokma önümlerini öndürijileriň, söwda ulgamlarynyň, fabrikleriň we ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň arasynda sanly tehnologiýalardan hem-de emeli aňdan peýdalanmak arkaly göni gepleşikleri geçirmegi göz öňünde tutýar. CAITME 2026 sergisine baryp görmek üçin onuň resmi internet sahypasynda öňünden hasaba alynmak zerurdyr.
2026-njy ýylyň 8–10-njy sentýabrynda Daşkent şäherindäki «Uzexpocentre» milli sergi toplumynda «Dokma enjamlary we tehnologiýalary — CAITME 2026» atly 17-nji Merkezi Aziýa halkara sergisi geçiriler. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öňde boljak çäre barada habar berdi.
CAITME dokma we tikin-trikotaž önümlerini öndürijiler, enjamlary iberijiler hem-de pudaklaýyn tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar üçin sebitdäki iri ýöriteleşdirilen meýdançalaryň biri hasaplanýar. Sergä Ýewropanyň, Aziýanyň we dünýäniň beýleki sebitleriniň ýurtlaryndan 200-den gowrak kompaniýalaryň hem-de brendleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergide pagta arassalaýyş we egirme tehnologiýalary, dokma we trikotaž enjamlary, egin-eşik öndürmek üçin maşynlar, matalary boýamak we timarlamak boýunça çözgütler, dokma senagaty üçin himiki serişdeler, boýaglar, maksatnamalaýyn üpjünçilik hem-de önümçilik galyndylaryny gaýtadan işleýän ulgamlar görkeziler. Sergä gelýänler enjamlaryň işleýşi bilen tanşyp, olary öndürijilerden we tehniki hünärmenlerden gönüden-göni maslahat alyp bilerler.
Bu çäre Türkmenistanyň dokma senagatynyň kärhanalary we hünärmenleri üçin amaly taýdan uly gyzyklanma döredýär. Sergä gatnaşmak häzirki zaman önümçilik ulgamlary, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, şeýle hem taýýar önümleriň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütler bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
9-njy sentýabrda geçiriljek TextileExpo Uzbekistan Sourcing Hub taslamasy serginiň aýratyn çäreleriniň biri bolar. Taslama dokma önümlerini öndürijileriň, söwda ulgamlarynyň, fabrikleriň we ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň arasynda sanly tehnologiýalardan hem-de emeli aňdan peýdalanmak arkaly göni gepleşikleri geçirmegi göz öňünde tutýar.
CAITME 2026 sergisine baryp görmek üçin onuň resmi internet sahypasynda öňünden hasaba alynmak zerurdyr.
August 26, 2026 - BY Admin