kakadokma@textile.tm +993 (13) 346896
April 24, 2026 - BY Admin

Gökdepäniň ýüpekçileri 24 tonna pile taýýarlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler

Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň pileçileri ýüpek gurçuklaryny idetmekde nusgalyk işleri bitirýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden baýram ediljek ýylda Watanymyzyň pile çäjine kümüşsow gymmatlygyň 24 tonnasyny goşmagy maksat edinýän etrabyň oba zähmetkeşleri häzirki möwsümiň jogapkärçiligini duýup işleýärler. Bu barada "Türkmenmetbugat" web saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, etrap boýunça 657 guty ýüpek gurçugy idedilýär. Ussat ýüpekçi kärendeçiler özlerine bölünip berlen ýüpek gurçuklaryny ýaşyna görä, talabalaýyk iýmitlendirmegi gazanýarlar. Ýüpekçi kärendeçiler öňde duran wezipä hötde geljekdiklerini ynamly aýdýarlar. Ýüpekçi kärendeçiler Bagtygözel Taňryberdiýewanyň, Ogulgözel Durdymeredowanyň dördünji ýaşyndaky ýüpek gurçuklaryny idetmekde yhlasly işleýändiklerini aýratyn belläp geçmek gerek. Olaryň her biri şanly ýylda 3 guty ýüpek gurçugyny idedip, şondan 115 kilograma golaý ýokary hilli çig piläni taýýarlamak ugrunda tutanýerlilik görkezýärler.

Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň pileçileri ýüpek gurçuklaryny idetmekde nusgalyk işleri bitirýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden baýram ediljek ýylda Watanymyzyň pile çäjine kümüşsow gymmatlygyň 24 tonnasyny goşmagy maksat edinýän etrabyň oba zähmetkeşleri häzirki möwsümiň jogapkärçiligini duýup işleýärler. Bu barada "Türkmenmetbugat" web saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, etrap boýunça 657 guty ýüpek gurçugy idedilýär. Ussat ýüpekçi kärendeçiler özlerine bölünip berlen ýüpek gurçuklaryny ýaşyna görä, talabalaýyk iýmitlendirmegi gazanýarlar. Ýüpekçi kärendeçiler öňde duran wezipä hötde geljekdiklerini ynamly aýdýarlar.


Ýüpekçi kärendeçiler Bagtygözel Taňryberdiýewanyň, Ogulgözel Durdymeredowanyň dördünji ýaşyndaky ýüpek gurçuklaryny idetmekde yhlasly işleýändiklerini aýratyn belläp geçmek gerek. Olaryň her biri şanly ýylda 3 guty ýüpek gurçugyny idedip, şondan 115 kilograma golaý ýokary hilli çig piläni taýýarlamak ugrunda tutanýerlilik görkezýärler.