kakadokma@textile.tm +993 (13) 346896
August 15, 2026 - BY Admin

Gyzylarbatly halyçylar Garaşsyzlyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen barýarlar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümindäki Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da göreldeli zähmet çekýärler. Ussat halyçylaryň dokaýan nepis haly we haly önümleriniň ählisi içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýar. Şu ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça-da kärhanada 1677 inedördül metrden gowrak dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleri dokalyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da hasabat döwründe öndürilen önümleriň maliýe hasabyndaky möçberem ýokary boldy. Şu günler halyçylyk kärhanasynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna guşly gölli äpet haly dokalýar. Bu äpet halynyň düşegi ak, ini 23 metr, boýy 12 metr bolup, umumy meýdany 276 inedördül metrden ybaratdyr. Şeýle-de äpet halyny jemi iki çalşygyň dowamynda 84 halyçy dokaýar. Bu äpet halyny awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlap, bellenilen möhletde ýokary önümçilik talaplaryna laýyklykda tabşyrmak meýilleşdirilýär.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümindäki Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da göreldeli zähmet çekýärler. Ussat halyçylaryň dokaýan nepis haly we haly önümleriniň ählisi içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýar.


Şu ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça-da kärhanada 1677 inedördül metrden gowrak dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleri dokalyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da hasabat döwründe öndürilen önümleriň maliýe hasabyndaky möçberem ýokary boldy.


Şu günler halyçylyk kärhanasynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna guşly gölli äpet haly dokalýar. Bu äpet halynyň düşegi ak, ini 23 metr, boýy 12 metr bolup, umumy meýdany 276 inedördül metrden ybaratdyr. Şeýle-de äpet halyny jemi iki çalşygyň dowamynda 84 halyçy dokaýar. Bu äpet halyny awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlap, bellenilen möhletde ýokary önümçilik talaplaryna laýyklykda tabşyrmak meýilleşdirilýär.