kakadokma@textile.tm +993 (13) 346896
April 02, 2026 - BY Admin

Lebap welaýatynda ýüpek gurçugyny idetmek işleri başlandy

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde köpçülikleýin ýüpek gurçugyny idetmek işlerine badalga berildi. Bu möhüm we jogapkärli möwsüme, ilki bilen, welaýatyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag, Döwletli, Kerki hem-de Halaç etraplarynyň zähmetsöýer ýüpekçileri girişdiler.

Şu möwsümde Köýtendag etrabynyň ýüpekçileri bir müň 42 guty gurçuk tohumyndan 38 tonna, Döwletli etrabynyň pileçileri bir müň 259 guty gurçuk tohumyndan 46 tonna, Kerki hem-de Halaç etraplarynyň ýüpekçileri hem, degişlilikde, 2 müň 327 we 4 müň 5 guty gurçuk tohumyndan 85 we 97 tonna pile tabşyrmaklyga borçlanýarlar. Üstümizdäki ýylda howanyň amatly gelmekligi, ygalyň ýeterlik mukdarda ýagmaklygy ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň ir ýetişmekligine şert döretdi. Häzirki wagtda ýokarda atlary agzalan etraplarda ýüpek gurçuklary irki möhletde janlandyrylyp, ýüpekçilere paýlanylýar.

Welaýatyň beýleki etraplarynda hem ýüpek gurçugynyň tohumlaryny janlandyrmak üçin inkubatorlarda goýuldy, ýakyn wagtlarda bu etraplaryň ýüpekçilik hojalyklarynda hem ýüpek gurçugyny idetmeklige girişiler. Ýüpek gurçuklary janlandyrylanda degişli biologik kadalaryň berjaý edilmegi gurçuklaryň sagdyn örüzilmegine ýardam edýär.

Welaýatyň ýüpekçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň 1010 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti