kakadokma@textile.tm +993 (13) 346896
June 03, 2026 - BY Admin

Türkmen dizaýnerleri we dokma kärhanalary «TurkmenTextile Expo 2026» sergisinde ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini görkezerler

Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde 4–6-njy iýun aralygynda geçiriljek «TurkmenTextile Expo 2026» halkara sergisi we moda görkezilişi ýurdumyzyň dokma senagatynyň we dizaýnerçilik sungatynyň gazananlaryny dünýä ýüzüne çykarmakda esasy meýdança öwrüler. Bu iri çäräniň baş maksady Türkmenistany halkara dokma we moda senagatynyň esasy merkezi hökmünde görkezmekden, milli mirasymyzy dünýä tanatmakdan we täze daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygy ýola goýmakdan ybaratdyr. Ýörite taýýarlanan kolleksiýalar we innowasion önümler arkaly türkmen wekilleri özleriniň halkara bazaryndaky ornuny has-da berkiderler. Halkara sergide ýurdumyzyň dokma pudagynyň ägirtleri bolan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat, Türkmenbaşy, Baýramaly, Ruhabat, Babadaýhan (Mäne) we Kaka dokma toplumlary, «Aşgabat barhat fabrigi», «Ahal tikin fabrigi», Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi hem-de «GAP-Turkmen» ýaly kärhanalar öz önümlerini görkezerler. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy bölegine wekilçilik edýän «Sermaýa», «Mirasly Senet», «KWK», «Blue Hills», «Gerçek Ýigit», «Nurly Energiýa Çeşmesi», «Abadan Haly», «Rowshen Ayakgap», «Batly Gadam» ýaly onlarça öňdebaryjy hususy kompaniýalar özary peýdaly B2B we B2G duşuşyklaryny geçirip, eksport ugurlaryny ösdürmek üçin täze şertnamalary baglaşmaga we strategiki hyzmatdaşlygy guramaga uly mümkinçilik alarlar. Serginiň çäklerinde guralýan halkara moda görkezilişinde zehinli türkmen dizaýnerleriniň kolleksiýalaryna aýratyn orun beriler. «Miras» moda öýi, «Goç Ýigit», «DÄP», «Turkmen Heritage», «Peýkam», «Emine Bridal» ýaly brendler, şeýle-de belli dizaýnerler Göwher Pirgulyýewa, Abat Pirgulyýewa, Anna Kor, Seýrangeldi Berdiýew we Arslan Dizaýner dagylar milli nagyşlardan, el işlerinden we gadymy däplerimizden ylham alyp döreden özboluşly lybaslaryny hödürleýärler. Milli medeni mirasy häzirki zaman dünýä meýilleri bilen utgaşdyrýan bu önümler Türkmenistanyň ägirt uly döredijilik we eksport potensialyny aýdyň görkezer. Serginiň döwrebap multimediýa, ses we yşyklandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan giň pawilýonlary ýurdumyzyň dokma we dizaýn hünärmenlerine dünýä liderleri bilen göni aragatnaşyk gurmaga, innowasion tehnologiýalary öwrenmäge we türkmen brendlerini halkara arenada durnukly öňe sürmäge giň şertleri döreder.

Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde 4–6-njy iýun aralygynda geçiriljek «TurkmenTextile Expo 2026» halkara sergisi we moda görkezilişi ýurdumyzyň dokma senagatynyň we dizaýnerçilik sungatynyň gazananlaryny dünýä ýüzüne çykarmakda esasy meýdança öwrüler. Bu iri çäräniň baş maksady Türkmenistany halkara dokma we moda senagatynyň esasy merkezi hökmünde görkezmekden, milli mirasymyzy dünýä tanatmakdan we täze daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygy ýola goýmakdan ybaratdyr. Ýörite taýýarlanan kolleksiýalar we innowasion önümler arkaly türkmen wekilleri özleriniň halkara bazaryndaky ornuny has-da berkiderler.


Halkara sergide ýurdumyzyň dokma pudagynyň ägirtleri bolan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat, Türkmenbaşy, Baýramaly, Ruhabat, Babadaýhan (Mäne) we Kaka dokma toplumlary, «Aşgabat barhat fabrigi», «Ahal tikin fabrigi», Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi hem-de «GAP-Turkmen» ýaly kärhanalar öz önümlerini görkezerler. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy bölegine wekilçilik edýän «Sermaýa», «Mirasly Senet», «KWK», «Blue Hills», «Gerçek Ýigit», «Nurly Energiýa Çeşmesi», «Abadan Haly», «Rowshen Ayakgap», «Batly Gadam» ýaly onlarça öňdebaryjy hususy kompaniýalar özary peýdaly B2B we B2G duşuşyklaryny geçirip, eksport ugurlaryny ösdürmek üçin täze şertnamalary baglaşmaga we strategiki hyzmatdaşlygy guramaga uly mümkinçilik alarlar.


Serginiň çäklerinde guralýan halkara moda görkezilişinde zehinli türkmen dizaýnerleriniň kolleksiýalaryna aýratyn orun beriler. «Miras» moda öýi, «Goç Ýigit», «DÄP», «Turkmen Heritage», «Peýkam», «Emine Bridal» ýaly brendler, şeýle-de belli dizaýnerler Göwher Pirgulyýewa, Abat Pirgulyýewa, Anna Kor, Seýrangeldi Berdiýew we Arslan Dizaýner dagylar milli nagyşlardan, el işlerinden we gadymy däplerimizden ylham alyp döreden özboluşly lybaslaryny hödürleýärler. Milli medeni mirasy häzirki zaman dünýä meýilleri bilen utgaşdyrýan bu önümler Türkmenistanyň ägirt uly döredijilik we eksport potensialyny aýdyň görkezer.


Serginiň döwrebap multimediýa, ses we yşyklandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan giň pawilýonlary ýurdumyzyň dokma we dizaýn hünärmenlerine dünýä liderleri bilen göni aragatnaşyk gurmaga, innowasion tehnologiýalary öwrenmäge we türkmen brendlerini halkara arenada durnukly öňe sürmäge giň şertleri döreder.