Fransiýanyň paýtagty Parižde 5–7-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Who’s Next” halkara hünär moda sergisinde Türkmenistanyň dizaýnerlik sungaty we milli brendleri giňden tanyşdyrylar. Halkara söwda merkeziniň (ITC) beren habaryna görä, ýurdumyzyň dizaýnerleri serginiň “Ready-to-Wear” bölümindäki “W10” diwarlygynda öz täze kolleksiýalaryny dünýä moda pudagynyň hünärmenlerine hödürlärler. Dünýä derejesindäki bu çärede dizaýner Mukaddes Ibragimowa bilen bir hatarda “Binaym”, “Desert Heritage” hem-de “AYM” brendleriniň wekilleri öz el işlerini görkezerler. Mukaddes Ibragimowa ikat hem-de jins matalaryndan, şeýle hem owadan nagyşly ýüpekden taýýarlanan korsetlerini, penjeklerini we balaklaryny tanyşdyrar. “Desert Heritage” brendi bolsa diňe tebigy boýaglar arkaly reňklenen we elde işlenen ýüpek, pagta, zygyr we düýe ýüňi ýaly arassa tebigy önümlerini köpçülige hödürlär. Serginiň beýleki gatnaşyjylary hem milli äheň bilen häzirki zaman dizaýnyny utgaşdyrýan täsirli işlerini sergä çykararlar. “AYM” brendi gadymy Nusaýyň taryhy mirasydan ylham alyp elde nagyşlanan zygyr önümlerini görkezse, “Binaym” brendi türkmen el işlerini peçwork usuly arkaly häzirki zaman jins önümlerine siňdiren harytlaryny tanyşdyrar. Türkmen brendleriniň halkara meýdançasyndaky bu gatnaşygy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara Söwda Merkeziniň meýilnamalaýyn goldawy bilen amala aşyrylýar. Pariždäki “Who’s Next” sergisi türkmen dokmaçylyk däpleriniň baý mirasyny we häzirki zaman dizaýn çözgütlerini halkara jemgyýetçiligine ýetirmekde uly mümkinçilik döredýär.
Fransiýanyň paýtagty Parižde 5–7-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Who’s Next” halkara hünär moda sergisinde Türkmenistanyň dizaýnerlik sungaty we milli brendleri giňden tanyşdyrylar. Halkara söwda merkeziniň (ITC) beren habaryna görä, ýurdumyzyň dizaýnerleri serginiň “Ready-to-Wear” bölümindäki “W10” diwarlygynda öz täze kolleksiýalaryny dünýä moda pudagynyň hünärmenlerine hödürlärler.
Dünýä derejesindäki bu çärede dizaýner Mukaddes Ibragimowa bilen bir hatarda “Binaym”, “Desert Heritage” hem-de “AYM” brendleriniň wekilleri öz el işlerini görkezerler. Mukaddes Ibragimowa ikat hem-de jins matalaryndan, şeýle hem owadan nagyşly ýüpekden taýýarlanan korsetlerini, penjeklerini we balaklaryny tanyşdyrar. “Desert Heritage” brendi bolsa diňe tebigy boýaglar arkaly reňklenen we elde işlenen ýüpek, pagta, zygyr we düýe ýüňi ýaly arassa tebigy önümlerini köpçülige hödürlär.
Serginiň beýleki gatnaşyjylary hem milli äheň bilen häzirki zaman dizaýnyny utgaşdyrýan täsirli işlerini sergä çykararlar. “AYM” brendi gadymy Nusaýyň taryhy mirasydan ylham alyp elde nagyşlanan zygyr önümlerini görkezse, “Binaym” brendi türkmen el işlerini peçwork usuly arkaly häzirki zaman jins önümlerine siňdiren harytlaryny tanyşdyrar.
Türkmen brendleriniň halkara meýdançasyndaky bu gatnaşygy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara Söwda Merkeziniň meýilnamalaýyn goldawy bilen amala aşyrylýar. Pariždäki “Who’s Next” sergisi türkmen dokmaçylyk däpleriniň baý mirasyny we häzirki zaman dizaýn çözgütlerini halkara jemgyýetçiligine ýetirmekde uly mümkinçilik döredýär.
August 26, 2026 - BY Admin