Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 12-nji iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dokma kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem pudagyň maddy üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýän möçberiniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dürli pudaklaryň dokma önümlerine bolan sargytlaryny üpjün etmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 12-nji iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dokma kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem pudagyň maddy üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýän möçberiniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dürli pudaklaryň dokma önümlerine bolan sargytlaryny üpjün etmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
June 13, 2026 - BY Admin