Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyndan doly peýdalanmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine, şol sanda dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň hem-de haly we haly önümleriniň söwdasyny guramakda halkara tejribeden ugur almagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Mejlisde bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 106,3 göterim derejede üpjün edildi, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda bolsa umumy girdejiniň ösüş depgini 107,4 göterime deň boldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, senagat pudagynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn maksatnamalar Türkmenistanyň çig mal iberijiden taýýar harytlaryň iň iri öndürijisine we eksportçysyna öwrülmegine ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hem-de maýa goýum syýasatynyň netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dokma senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy. Ýurdumyz tebigy-howa şertlerine görä, gowaçanyň iň gymmatly orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin özboluşly zolakdyr. Dokma pudagy üçin strategik çig mal bolup hyzmat edýän pagtanyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy we döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi daýhanlary bol hasyl ýetişdirmäge ruhlandyrýar, bu bolsa öndürilýän önümleriň görnüşleriniň we möçberiniň artmagyna ýardam edýär. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçilikde tebigy pagta süýümi iň girdejili eksport harytlarynyň biri bolup durýar, sebäbi dünýäde ekologik taýdan arassa serişdelerden öndürilen önümlere bolan isleg barha artýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň gurluşygyna gönükdirilen iri maýa goýumlar içerki bazary daşary ýurt kompaniýalarynyň harytlary bilen bäsleşip bilýän dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyndan doly peýdalanmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine, şol sanda dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň hem-de haly we haly önümleriniň söwdasyny guramakda halkara tejribeden ugur almagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Mejlisde bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 106,3 göterim derejede üpjün edildi, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda bolsa umumy girdejiniň ösüş depgini 107,4 göterime deň boldy.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, senagat pudagynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn maksatnamalar Türkmenistanyň çig mal iberijiden taýýar harytlaryň iň iri öndürijisine we eksportçysyna öwrülmegine ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hem-de maýa goýum syýasatynyň netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dokma senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy.
Ýurdumyz tebigy-howa şertlerine görä, gowaçanyň iň gymmatly orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin özboluşly zolakdyr. Dokma pudagy üçin strategik çig mal bolup hyzmat edýän pagtanyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy we döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi daýhanlary bol hasyl ýetişdirmäge ruhlandyrýar, bu bolsa öndürilýän önümleriň görnüşleriniň we möçberiniň artmagyna ýardam edýär. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçilikde tebigy pagta süýümi iň girdejili eksport harytlarynyň biri bolup durýar, sebäbi dünýäde ekologik taýdan arassa serişdelerden öndürilen önümlere bolan isleg barha artýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň gurluşygyna gönükdirilen iri maýa goýumlar içerki bazary daşary ýurt kompaniýalarynyň harytlary bilen bäsleşip bilýän dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
August 10, 2026 - BY Admin