kakadokma@textile.tm +993 (13) 346896
June 06, 2026 - BY Admin

Türkmenistanyň söwda we telekeçilik ulgamynda bäş aýyň dowamynda durnukly ösüş depgini gazanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň söwda we dokma toplumlarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gözegçilik edýän düzümleriniň görkezijileri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi. Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 100,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,3 göterim ösüş gazanyldy. Şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,7 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 101,2 göterim, gön önümleriniň önümçiliginde bolsa 103,6 göterim ösüş depgini hasaba alyndy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi. Maliýe we söwda düzümleriniň işiniň çäklerinde Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 5 aýda 120 birža söwdasy geçirilip, olarda 12 müň 543 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,1 göterime barabar bolup, hasabat döwründe 11 sergi hem-de 5 maslahat guraldy. Şeýle-de, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 107,3 göterime deň boldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk hem-de beýleki zerur harytlar bilen bökdençsiz üpjün etmegi berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz topluma degişli kärhanalaryň önümçiligini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere ýurtda öndürilýän dokma önümleriniň möçberini, görnüşlerini artdyrmak hem-de olaryň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşiryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň söwda we dokma toplumlarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gözegçilik edýän düzümleriniň görkezijileri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.


Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 100,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,3 göterim ösüş gazanyldy. Şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,7 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 101,2 göterim, gön önümleriniň önümçiliginde bolsa 103,6 göterim ösüş depgini hasaba alyndy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi.


Maliýe we söwda düzümleriniň işiniň çäklerinde Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 5 aýda 120 birža söwdasy geçirilip, olarda 12 müň 543 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,1 göterime barabar bolup, hasabat döwründe 11 sergi hem-de 5 maslahat guraldy. Şeýle-de, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 107,3 göterime deň boldy.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk hem-de beýleki zerur harytlar bilen bökdençsiz üpjün etmegi berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz topluma degişli kärhanalaryň önümçiligini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere ýurtda öndürilýän dokma önümleriniň möçberini, görnüşlerini artdyrmak hem-de olaryň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşiryklary berdi.